Tim Szýu ýaponiýaly Inoueni ýeňip, WBO-nyň iki çempionlyk titulyna eýe boldy

  • 18.11.2021 16:22
  • 4.1k+

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu ýaponiýaly Tekeşi Inoue bilen WBO Global we WBO Asia Pacific boýunça dünýä çempionlygy ugrunda birinji orta agramda geçirilen söweşde ýeňiş gazandy. Onuň ýeňşi eminleriň karary bilen kesgitlendi diýip, betassist.ru ýazýar.

Söweş Sidneýde (Awstraliýa) geçirildi. Onuň bütin dowamynda 27 ýaşly awstraliýaly boksçy garşydaşyndan rüstemdigini görkezdi. Hatda iň soňky raundda ýaponiýaly türgen ýykyldy. Netijede, doly 12 raund dowam eden tutluşyk eminleriň biragyzdan karary esasynda Szýunyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Şeýlelikde, Tim Szýu professional ringde özüniň 20-nji ýeňşini baýram etdi (15-si - nokaut bilen). Ol häzirki wagta çenli bir gezek hem ýeňlip görmedi.


30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....