28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçiriler

  • 16.11.2021 09:09
  • 4k+

15-nji noýabrda geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Aşgabatda şu aýyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada türkmen Liderine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti YHG-nyň gününiň bellenilýän senesinde — 28-nji noýabrda geçiriler. Onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitiniň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen halkara çäreleriň döwletara gatnaşyklaryň hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi we wise-premýere bu halkara çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.


düýn 22:20
2.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......