Batumi ÝUNESKO-nyň aýdym-saz şäheri statusyny aldy

  • 13.11.2021 09:38
  • 4.5k+

ÝUNESKO Gruziýanyň Batumi şäherine (Ajariýa AR) aýdym-saz şäheri statusyny bermek bilen, guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna goşdy. Bu barada Ajariýa hökümetiniň habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Batumi ÝUNESKO tarapyndan aýdym-saz şäheri diýen ady aldy. Batumi şeýle statusa eýe bolan we döredijilik şäherleriniň toruna giren Gruziýanyň ilkinji şäheri boldy. Bu titul Batuminiň şäher häkimliginiň ÝUNESKO ýüz tutmagy esasynda berildi, bu hem şäheriň iň gowy tejribeleri paýlaşmaga we döredijilik hem-de medeni pudagyň ösmegine ýardam etjek hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny görkezýär” – diýlip, habarda aýdylýar.

Batuminiň aýdym-saz pudagynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçiriljek özboluşly taslamalara we çärelere gatnaşmaga mümkinçilik alarlar. Batumi bilen birlikde Glazgo, Kingston, Liwerpul, Oklend we beýleki şäherler hem aýdym-saz şäherleri boldular diýlip, häkimlikde bellediler.

ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory 2004-nji ýyldan bäri bar we häzirki wagtda media-art, aýdym-saz, kinematograf, gastronomiýa, dizaýn, folklor, senetçilik we halk medeniýeti ugurlary boýunça dünýäniň 90 ýurdundan 295 şäheri birleşdirýär. 


11.06.2026 12:12
8.3k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

24.05.2026 15:32
3.9k+

BMG: Afrikanyň paýyna dünýädäki jaý maliýeleşdirilmeleriniň 3%-denem az bölegi düşýär

Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäherler forumynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Mohammed örän möhüm maglumaty mälim etdi. Maglumata görä, dünýä boýunça şäher ilatynyň takmynan 20%-iniň......