Raşid Meredow Stambulda Türki geňeşe agza ýurtlardaky kärdeşleri bilen duşuşdy

  • 12.11.2021 08:52
  • 4.3k+

11-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türki dilli döwletleriň ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDIM-niň internet saýtynda bellenilişi ýaly, öz çykyşynda R.Meredow geňeşe gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek bilen, Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy döwlet bolmagy babatdaky başlangyjynyň goldanylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Ministr Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur almak arkaly halkara parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň goldanmagy we berkidilmegi babatdaky tagallalaryň birleşdirilmegini geňeşiň işine gatnaşmagynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykarýandygyny belledi. Bu ugurda ykdysadyýet, senagat, energetika, ulag we ekologiya ugurlaryndaky işjeň gatnaşyklar türki dilli döwletleriň toplumlaýyn mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça strategik wezipeleriň biri hökmünde öňe çykaryldy.

Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......