Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky ýokanç keseller hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy

  • 11.11.2021 09:06
  • 13190
Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky ýokanç keseller hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy

10-njy noýabrda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy. Şolara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow, hem gatnaşdy.

Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna ýygnananlaryň öňünde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory, doktor Hans Klýuge hem goşuldy.

Täze hassahana halkara ölçeglere laýyklykda guruldy hem-de üpjün edildi. Onuň düzümine kabul ediş, barlaghana, funksional-anyklaýyş, reanimasiýa we dogrum, operasiýa otagy, fizioterapiýa, dispanser-gözegçilik, wirusly gepatit keseli, ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, içege ýokanç keselleri, aýratyn howply, howa we damja arkaly geçýän ýokanç keseller, dowamly ýokanç keselleri bejeriş bölümleri girýär.

Hassahana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaýyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Giň otagly barlaghana bölümi kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetika we immunologiýa barlaglary otaglaryndan ybarat bolup, olarda ganyň we peşewiň umumy barlaglary, ganyň biohimiýa, immunoferment, serologiýa, parazitologiýa, bakterioskopiýa, molekulýar-genetika, polimeraz zynjyrly reaksiýa (PZR) barlaglary geçirilýär.

Dabaranyň dowamynda hassahana täze gulluk awtoulaglary berildi.


12.07.2024 11:50
11239

Kosmosa uçuşlar astronawtlaryň bedeninde üýtgeşmeleri döredýär

Barlaglar kosmosa uçuşlaryň adamyň bedenine düýpli täsir ýetirip biljekdigini  görkezýär. NASA we beýleki guramalar tarapyndan geçirilen soňky barlaglar kosmosda bolmagyň hromosomlaryň ujundaky gorag “gapaklary”...

08.07.2024 14:25
6871

Wolgogradda hirurglar hassa armirlenen emeli damarlary oturdyp, ony halas etdiler

Wolgogradda (RF) lukmanlar aorta anewrizmli we böwrek arteriýalary zeperli näsaga armirlenen emeli damarlary oturtmak bilen täsin operasiýany şowly amala aşyrdylar diýip, RBK habar berýär. Aýal ýarawsyzlygyny meýilnamalaýyn...

05.07.2024 18:46
7902

ABŞ-da prostata mäziniň soňky derejeli rak keselini düýbünden ýok edýän derman tassyklanyldy

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik müdirligi (FDA) Syncromune biofarmasewtika kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen SYNC-T SV-102 dermanyna dessin tassyklanmaga degişli statusyny...

04.07.2024 15:23
17089

600-e golaý hünärmen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlady

600-e golaý ýaş hünärmen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okuwyny tamamlady. Bu barada THP habar berýär. Uçurymlaryň bir bölegi lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki kafedralarynda...