Türkmen Lideri Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berdi

  • 10.11.2021 18:55
  • 4.4k+

«TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erim söhbetdeşligiň dowamynda türkmen Lideriniň sebitdäki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga nähili baha berýändigi, kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklary bilen gyzyklandy. Gurbanguly Berdimuhamedow bu hyzmatdaşlyga netijeli, ynamdar, anyk çözgüde gönükdirilen hökmünde baha berýändigini aýtdy.

Öz gatnaşyklarymyzda biz hoşniýetli goňşuçylykdan, birek-birege hormat goýmakdan, doganlykdan we halklarymyzyň medeni-siwilizasion ýakynlygynyň taryhy baglanyşygyndan ugur alýarys. Bu berk binýat geljege ynamly garamaga, ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin giň gerimli, uzak möhletli we durmuş ähmiýetli meýilnamalary düzmäge mümkinçilik berýär — diýip, türkmen Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilen sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşini hem-de onda ýaşaýan halklaryň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, özara ylalaşykly çözgütleriň kabul edilmeginiň üstünde işleýändiklerini, yzygiderli gepleşikleri geçirýändiklerini nygtady.

Bellenilişi ýaly, bir ýarym ýyl bäri biziň ýurtlarymyz öz tagallalaryny birleşdirip, pandemiýanyň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşýärler.


düýn 16:02
897

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......