Ilatyň girdejisi boýunça Türkmenistan ortaça görkezijili ýurtlardan ýokarda

  • 10.11.2021 17:27
  • 11k+

Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erim bilen söhbetdeşlikde geçen üç onýyllykda Türkmenistanyň ýeten iň wajyp sepgitleri hakyndaky sowala jogap berdi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýetilen esasy sepgit — Türkmenistanyň dünýäde Garaşsyz, özbaşdak, kuwwatly we uly abraýa eýe bolan döwlet hökmünde emele gelmegi. Galan zatlar munuň dowamy bolmak bilen, elbetde, türkmen halkynyň häzirki zaman taryhynyň iň esasy we kesgitleýji binýady bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, bu gün Türkmenistan durnukly ösýän ykdysadyýeti, uly senagat-önümçilik binýady, köpugurly ulag we kommunikasiýa ulgamy, kuwwatly energetika toplumy, döwrebap oba hojalygy bolan döwletdir. Jemi içerki önümiň her ýylky ösüşi 7 — 10 göterim derejede durnukly saklanýar. Dünýädäki häzirki ykdysady çökgünlik şertlerinde hem geçen ýyl bu görkeziji 5,9 göterim boldy.

«Durmuş ulgamy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Biz her ýyl bu ulgama Döwlet býujetiniň 70 göterimini gönükdirýäris. Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş ähmiýetli döwrebap binalaryň halkara ölçeglere laýyk gelýän giň möçberli gurluşygy amala aşyrylýar. «BMG-niň Adamzat ösüşiniň indekslerine we görkezijilerine» laýyklykda, Türkmenistan bu görkezijileri ýokary bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Ilatyň girdejisiniň derejesi boýunça bolsa biz dünýäniň ortaça görkezijilerinden ýokary bolan ýurtlarynyň hatarynda» diýip, döwlet Baştutany buýsanç bilen belledi.


şu gün 18:16
242

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

şu gün 15:51
1.5k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......