Türkmenistanyň we Awstriýanyň baş diplomatlary owgan meselesini maslahatlaşdylar

  • 10.11.2021 13:33
  • 2.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşygy geçirildi. Onda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna seredip geçdiler, şeýle-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň işjeň gatnaşmagynda energetika, ulag, söwda, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky özara hereketleriň has-da ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Şunlukda, 2022-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisiniň geçirilmegi hem teklip edildi.

Howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi babatynda sebitleýin gatnaşyklaryň derwaýyslygyna üns çekmek bilen, ministrler owgan meselesiniň parahatçylykly hem-de ynsanperwerlik ugry boýunça kadalaşdyrylmagynda halkara bileleşigiň tagallalarynyň mundan beýläk-de ýygjam utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny aýratyn bellediler.


şu gün 12:31
1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
358

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......