Türkmen Lideri dünýädäki ýaramaz ýagdaýlaryň ykdysadyýete täsirini öwrenmegi tabşyrdy

  • 07.11.2021 00:33
  • 12k+

5-nji noýabrda şu ýylyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemini jemlemek boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen Lideri wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany wise-premýere gurluşyk we nebitgaz toplumyna degişli edaralaryň işini güýçlendirmek üçin bu pudaklaryň işgärleri bilen maslahat geçirmegi tabşyrdy hem-de gysga we orta möhletli döwürlerde dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini azaltmaga mümkinçilik berýän ýagdaýlary öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen bilelikde, geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar. Her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň anyk meýilnamasy bolmalydyr. Gurluşyk maksatnamasyna aýratyn üns bermeli diýip, türkmen Lideri belledi.


düýn 11:28
558

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......