3-nji noýabr: Türkmenistanda üýtgäp durýan howa bolar

  • 03.11.2021 07:37
  • 8.6k+

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 3-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Çyglylygy 55 — 75%.
2021-nji ýylyň 2-nji noýabrynda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň möçberiniň kadadan 6% köp bolandygy hasaba alyndy.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +14... +19°, kenarýaka etraplarda +12... +17° maýyl bolar.
rkmenbaşy şäherindehowa +15... +17°, basyşy 759 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Awazada: howa +14... +16°, basyşy 767 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Balkanabat şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 762 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 740 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Tejen şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 747 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +17... +22° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 746 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Baýramaly şäherinde: howa +20... +22°, basyşy 741 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 748 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Kerki şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 742 mm, çyglylygy 35 — 55%.
2021-nji ýylyň 2-nji noýabrynda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň möçberiniň kadadan 6% köp bolandygy hasaba alyndy.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 763 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Köneürgenç şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 759 mm, çyglylygy 35 — 55%.


düýn 09:43
7.4k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....