iPhone we Apple Watch heläkçilik ýüze çykanda awtomatik kömek jaňy funksiýasyna eýe bolar

  • 02.11.2021 19:38
  • 8.6k+

Insaýder Apple kompaniýasynyň iPhone smartfonlaryna we Apple Watch sagatlaryna eýesiniň heläkçilige uçrandygyny anyklamaga we awtomatik usulda 911-e jaň etmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Bu barada ferra.ru belleýär.

Insaýderiň aýtmagyna görä, heläkçiligi anyklaýjy funksiýa 2022-nji ýylda işe giriziler. Gurluşlaryň programma üpjünçiligi “awtomobil heläkçiligi ýüze çykan ýagdaýynda anyklamak” üçin iPhone-iň we Apple Watch-yň datçiklerini, şol sanda akselerometr ulanar. Apple-iň “akylly” sagatlarynda eýýäm birnäçe ýyl bäri gurluşyň eýesiniň duýdansyz ýykylan ýagdaýynda 911 belgä awtomatik jaňy işjeňleşdirýän funksiýa hereket edýär.  

Çeşme kompaniýanyň bu funksiýany geçen ýyl iPhone we Apple Watch ulanyjylarynyň näbelli hökmünde paýlaşan maglumatlaryny ýygnap, synagdan geçirendigini habar berýär. Görnüşi ýaly, bu gurluşlar eýýäm 10 milliondan gowrak ulag çaknyşygyny anykladylar. 50 müň hadysada gyssagly kömek gulluklary çagyryldy. 

Çeşmäniň habar bermegine görä, täze tehnologiýanyň peýda boljak senesi yza süýşürilip bilner ýa-da kompaniýa olary işe girizmekden ýüz öwrüp hem biler. 


şu gün 10:51
528

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......