Mask adamzady açlykdan halas etmek üçin Tesla-nyň paýnamalaryny satmaga taýýar

  • 01.11.2021 23:12
  • 9.5k+

Tesla amerikan awtomobil öndürijisiniň we SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy, “Forbes” žurnaly boýunça milliarderleriň sanawynda birinji orny eýeleýän Ilon Mask adamzady açlykdan halas etmek üçin öz pulunyň bir bölegini sarp etmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Öň, BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň (BAM) ýerine ýetiriji müdiri Dewid Bizli Masky “heläkçiligiň” öňüni almak üçin açlyga garşy göreşer ýaly pul serişdesini bermäge çagyrdy. CNN teleýaýlymynyň habar bermegine görä, adamlary açlykdan halas etmek üçin Maskyň häzirki wagtda tas 289 mlrd dollara ýetýän baýlygynyň bary-ýogy 2%-i gerek.

“Eger-de BAM 6 mlrd dollaryň global açlyk meselesini nähili çözüp biljekdigini düşündirip bilse, men edil häzir Tesla-nyň paýnamalaryny satmaga we meseläni çözmäge taýýar. Ýöne maliýe hasabaty jemgyýetiň pullaryň nähili harçlanýandygyny görmegi üçin açyk bolmalydyr” – diýip, Mask Twitter akkauntynda ýazdy.


13.04.2026 11:59
8.9k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi....

18.03.2026 14:27
1.6k+

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...

11.03.2026 23:51
4.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär...

07.03.2026 07:35
14k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...