Ýaponiýada 2000-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 500 ien gymmaty bolan teňňäni dolanyşyga goýberdi

  • 01.11.2021 23:21
  • 3.2k+

Ýaponiýanyň banky (Merkezi bank) gymmaty 500 ien bolan ($4,4) täze teňňäni çykarmaga girişdi. Bu barada düzgünleşdirijiniň saýtynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.

Teňňäniň dizaýny 21 ýyl mundan ozal dolanyşyga girizilen öňki teňňe bilen deňeşdirilende sähel üýtgedi. Indi ol iki reňkde çykarylýar we onuň gyralary haşamlanandyr. Munuň ony galplyklardan goramakda has netijeli boljakdygy bellenilýär.

Maliýe ýylynyň ahyryna çenli (2022-nji ýylyň mart aýynda tamamlanar) jemi 5 mlrd ($43,7 mln) 200 mln ien töweregi täze teňňe çykarmak meýilleşdirilýär. Köne nusgadaky teňňeler dolanyşykdan aýrylmaz.

Ilkibaşda Ýaponiýanyň banky täze teňňeleri şu ýylyň başynda çykarmagy meýilleşdiripdi, ýöne koronawirus pandemiýasy we bankomatlaryň hem-de jemgyýetçilik ulaglary üçin petekleri satyjy awtomatlaryň täzelenmeginiň gijikdirilmegi sebäpli, olary çykarmagy soňa goýmaly boldy.


28.01.2026 19:46
7.5k+

7 trillion dollarlyk töwekgelçilik: ýapon obligasiýalarynyň peselmegi dünýä maliýe bazarlaryna wehim salýar

Dünýäniň maliýe ulgamy Ýaponiýadan gelýän täze durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, «Bloomberg» habar berýär. Uzak wagtlap iň ygtybarly serişde hasaplanan Ýaponiýanyň 7,3 trillion dollarlyk döwlet obligasiýalar bazary häzirki wagtda global maliýe sarsgynlygynyň merkezine öwrüldi...

22.01.2026 23:55
4.6k+

Ýaponiýa dünýäde iň uly atom elektrik stansiýasynyň reaktoryny gaýtadan işe girizýär

21-nji ýanwarda Tokio elektrik energiýasy (TEPCO) Kaşiwazaki-Kariwa atom elektrik stansiýasynyň 6-njy blogunyň täzeden işe girizilýändigini yglan etdi. Bu stansiýanyň kuwwatlylygy dünýäde iň ulusydyr, diýip The New York Times gazetinde habar berilýär...

22.01.2026 14:38
1k+

Tokioda türkmen ilçisiniň Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň...

14.01.2026 18:01
5.5k+

Bloomberg: ýapon ýenasynyň dollardaky hümmeti 2024-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi

Ýaponiýada mümkin bolan irki parlament saýlawlary baradaky çaklamalar sebäpli ýena 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri dollara garşy iň pes derejä düşdi. Bu barada Bloomberg bu barada habar berdi. «Sişenbe güni ýapon walýutasy 0,5% pese gaçdy we 2025-nji ýylyň ýanwarynda bellenen 158,87 pes derejesindende aşak düşdi...