Dünýäde iň meşhur smartfon öndürijileriniň reýtingi täzelendi

  • 31.10.2021 23:21
  • 8.8k+

IDC Analitika agentligi 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde smartfon öndürijileriniň reýtingini çap etdi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Täzelenen reýtingde birinji orny Samsung, ikinji orny Apple, üçünji orny bolsa Xiaomi eýeledi. Habar berilmegine görä, Apple kompaniýasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde 50,4 million iPhone iberdi, bu bolsa Xiaomi-den 6,1 million köp, Samsung-dan bolsa 18,6 million azdyr.

Şol bir wagtyň özünde, Apple-iň satuwy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20,8 göterim ýokarlandy. Munuň özi kompaniýany ilkinji bäşligiň arasynda iň çalt ösýän smartfon öndürijisine öwürdi. Samsung-yň smartfon üpjünçiligi 14,2 göterim, Xiaomi-niňki bolsa 4,6 göterim azaldy.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......