Şu gün, 29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik «Aşgabat-Tejen» böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Yslam Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Banklynyň sebitleýin we ýurt boýunça wekilleri, «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň halkara ýük daşaýjylary birleşikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabada çenli ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Dabaranyň çäklerinde Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň sebitleýin direktory täze ýoluň ýokary tizlikli awtoýollaryň taslamalaşdyrylmagy hem-de gurluşygy babatynda halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigine şaýatlyk edýän halkara şahadatnamasynyň gowşurylýandygy barada habar berdi. Şeýle-de täze uly göwrümli desganyň ýokary hilini we howpsuzlyk aýratynlyklaryny tassyklaýan degişli resminamalar hem gowşuryldy.
Resminamalary gowşurmak çäresiniň tamamlanmagy boýunça, Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat – Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň edara binasyndaky Dolandyryş merkezinde howpsuzlyk, gözegçilik ulgamlarynyň tehnologiki aýratynlyklary hem-de ýoluň ulanylyşa girizilýän böleginiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Soňra Döwlet Baştutanyna ilkinji elektron töleg karty (transponder) gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz «Aşgabat – Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Aşgabat – Tejen» böleginiň açylyp ulanmaga berilmegine Ak pata berdi we öz awtoulagynda Tejen şäherine tarap ýola düşdi. Ýoluň 21-nji kilometrinde Milletiň Lideri «Kamaz» kysymly ýük awtoulagynda synag geçirmek üçin belli bir aralygy geçdi we öz awtoulagyna münüp, ýoluny dowam etdi.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 100-nji kilometrinde ýerleşen «Artyk» çatrygyna gelip, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti iki gatdan ybarat söwda we dynç alyş merkezine bardy, onuň tehniki we binagärlik aýratynlyklary bilen tanyş boldy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.