Aşgabat — Tejen aralykdaky täze awtobanda ulag gatnawlary nähili amala aşyrylar?

  • 29.10.2021 09:51
  • 27k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, şu gün, 29-njy oktýabrda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi ulanylmaga berler. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu täze awtoban boýunça ulag gatnawlary barada hasabat berdi.

Täze ýokary tizlikli ýoluň degişli böleginde Aşgabat — Kaka, Aşgabat —Duşak we Aşgabat — Tejen şäherara ugurlary boýunça awtobus gatnawlaryny hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy — Artyk, Türkmenbaşy — Sarahs, Türkmenbaşy — Ymamnazar, Türkmenbaşy — Farap we beýleki birnäçe ugurlarda üstaşyr ýükleri daşaýan awtoulag serişdeleriniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli döwrebap ýoluň täze böleginiň tehniki derejesi babatda ýol gurluşygynyň nusgasy bolup durýandygyny belläp, onuň ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanyň çägi bilen üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ýoluň ulanylmaga berilmeginiň awtomobil ulaglary bilen Türkmenbaşydan ýük daşamagyň uly mümkinçiliklerini açýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......