Alymlar howany wirusdan arassalamagyň usulyny tapdylar

  • 28.10.2021 22:51
  • 14k+

Kembrij uniwersitetiniň alymlar topary howany arassalaýjy enjam döretdi. Geçirilen synaglar täze ulgamyň otaglary wirusdan 99,9% netijelilik bilen arassalaýandygyny görkezdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Enjam döredilende alymlar sorujy häsiýetleri bilen belli bolan uglerod nanoturbalaryny ulandylar. Mundan başga-da, täze süzgüç ulgamy poliester içlikler bilen enjamlaşdyryldy, olar diňe bir könelmeýänligi bilen däl, eýsem, ýokary temperaturalara çydamlylygy bilen hem tapawutlanýar. Olaryň ýylylyga garşy durnuklylygy aýratyn möhüm orun eýeleýär, sebäbi enjamda birnäçe sekundyň içinde 80 gradusa çenli gyzdyryp bilýän we şeýlelik bilen onuň ýüzüni dezinfeksiýa edip bilýän elektrik geçiriji membranalardan edilen süzgüçler bar.

Synaglardan soň alymlar täze süzgüç ulgamynyň howany beta-koronawirus ýaly dürli wiruslardan arassalaýandygyny anykladylar. Koronawirusyň bu görnüşi haýwanlarda bolýar we gurluşy boýunça COVID-19-a meňzeýär. Şeýle hem, enjam adamyň dem alyş ulgamyna täsir edip, pnewmoniýa ýa-da traheobronhit döredýän adenowiruslara garşy üstünlikli göreşýär.


şu gün 20:00
116

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
386

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.7k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......