Tähranda türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi

  • 28.10.2021 13:16
  • 2.5k+

Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi toparyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri R.Gaseminiň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşyga şonuň ýaly-da iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Iki günüň dowamynda türkmen we eýran bilermenleri özara hereketleriň esasy ugurlaryny hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan özara taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady özara hereketleriniň, gümrük we serhet kadalaşdyrmasynyň, senagat we oba hojalygy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ençeme ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy. Ministrler geçirilmegi yza süýşürilen medeniýet ulgamyndaky çäreleriň, şol sanda birek-biregiň Medeniýet günleriniň hem-de döredijilik toparlarynyň saparlarynyň guralmagy babatynda-da ylalaşdylar.

Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.


düýn 22:20
2.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......