Elektrikli ulaglaryň satuwynyň paýy Ýewropa bazarynda, takmynan, 20%-e ýetdi

  • 26.10.2021 17:36
  • 7k+

Ýylyň üçünji çärýeginde Ýewropa Bileleşiginde satylan awtoulaglaryň bäşden birini elektrikli awtoulaglar düzýär. Bu barada Ýewropa awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň hasabatyna salgylanyp, Reýter habar berýär. Muny plus-one.ru ýetirýär.

"Ýewropa Bileleşiginde akkumulýatorly elektrikli we ulgama birikdirilýän gibrid modelleriniň satuwy ähli satuwlaryň 19%-ini tutdy" diýip, çeşme belleýär.

Akkumulýatorly elektrikli ulaglaryň satuwy, takmynan, 57% ýokarlanyp, 212,000 birlige ýetdi, ulgama birikdirilýän gibrid ulaglaryň satuwy bolsa 43% töweregi ýokarlanyp, 197,000-den gowrak boldy.

Şeýle hem ACEA benzinli awtoulag söwdasynyň 35%, dizel ulagynyň satuwynyň bolsa 40% azalandygyny belläp geçdi. "On ýyl ozal dizel ulaglary ÝB-de satuwyň 50%-inden geçýärdi, indi welin olaryň paýy 18%-denem pes" diýip, assosiasiýa belleýär.

АСЕА-nyň hünärmenleri bu hadysanyň sebäplerini ÝB-niň uglerod zyňyndylary baradaky täze berk talaplaryny berjaý etmegiň zerurlygy bilen düşündirýärler. Şol bir wagtyň özünde, sarp edijiler elektrikli ulaglar üçin hökümet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden peýdalanýarlar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......