Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

  • 26.10.2021 16:36
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasyndaky Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Saýlawlaryň netijesi Siziň ýurduň gülläp ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli artmagyna hem-de Özbegistanyň doganlyk halkynyň abadançylygyna gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň ählihalk goldawyna eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda belleýär hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan oňyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


şu gün 16:45
245

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....