Berdimuhamedow we Hytaýyň ilçisi özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar

  • 25.10.2021 08:08
  • 4.6k+

23-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Türkmen Lideri dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline HHR-iň Başlygy Si Szinpine ýollaýan hatyny berdi. Onda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki wagtda dürli ugurlarda ösdürilýändigi hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy nygtalýar.

Ilçi Hytaýyň Hökümetiniň dünýä ykdysadyýeti üçin häzirki çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň durnukly depginlerini saklaýan, döwrüň wajyp meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşmeleri görkezýän Türkmenistan bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Hytaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň ähmiýetini nygtap, onuň jemleriniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda BMG-niň gün tertibiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem türkmen Lideri 2022-nji ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegini guramagy maksat edinýändigini nygtady.

Bu gün Hytaý hem-de Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň has oňaýly ýörelgesini işläp taýýarladylar. Şol ýörelge taraplaryň her biriniň milli bähbitlerini we Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly hem-de ýokary derejede ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyran türkmen we hytaý halklarynyň özboluşlylygyny nazarda tutup, öňde durýan wezipeleriň ýakynlygyny utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, diplomat bütin dünýäden mümkinçiligi uly maýadarlaryň we kompaniýalaryň ýyl-ýyldan barha köp sanlysyny özüne çekýän geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hytaý işewürliginiň içgin gyzyklanma bildirýändigini nygtady.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......