Sanjym Australian Open ýaryşyna gatnaşmak üçin hökmany şert bolar

  • 22.10.2021 16:16
  • 2.5k+

Awstraliýanyň hökümeti möwsümde ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşy bolan Australian Open-e gatnaşyjylar üçin koronawirusa garşy hökmany sanjym düzgünini girizdi. Şol sebäpli öňdebaryjy tennisçilerň köpüsi ýaryşa gatnaşyp bilmez. Bu barada “The Age” neşirine salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.

Çarşenbe güni Awstraliýanyň immigrasiýa, raýatlyk we medeni köpdürlülik meseleleri boýunça ministri Aleks Houk ýaryşa gatnaşmak isleýän ähli tennisçileriň ýurda gelmezden öň doly sanjym almalydygyny aýtdy.

“The Age” neşiriniň Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) we Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, häzirki wagtda tennisçileriň 35%-i we zenan tennisçileriň 40%-i doly sanjym almady.

Hususan-da, ýaryşy soňky üç ýylda Australian Open-de ýeňiji bolan dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç sypdyryp biler.

“Häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, men Melburna gitjegimi heniz bilemok. Men sanjym alandygyma ýa-da ýokdugyma garamazdan, öz ýagdaýymy aýan etmerin. Bu meniň şahsy işim we şeýle soraglar ýerliksiz” – diýip, ABC Jokowiçiň sözlerini getirýär.

Täze möwsümde ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşy 2022-nji ýylyň 17 – 30-njy ýanwarynda geçiriler.


04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....

03.05.2026 11:45
1.1k+

Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi

Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy....

21.04.2026 14:50
4.8k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

19.04.2026 18:54
1.7k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....