Bütindünýä banky 2021-nji ýylda nebitiň bahasynyň 70 dollar bolmagyna garaşýar

  • 22.10.2021 16:28
  • 5.6k+

Bütindünýä banky (BB) nebitiň bahasynyň 2021-nji ýylda bir barrele 70 dollar, 2022-nji ýylda 74 dollar bolmagyna garaşýar. Muny BB-niň hasabaty delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

“Nebitiň bahasynyň (Britaniýa, Günbatar Tehas we Dubaý görnüşleriniň ortaça baha görkezijisi) 2021-nji ýylda 70% ýokarlanyp, ortaça 70 dollar bolmagyna garaşylýar. 2022-nji ýylda nebite bolan islegiň güýçlenip, pandemiýadan öňki derejä ýetmegi esasynda ol 74 dollar bolar diýlip çaklanylýar” – diýlip, bankyň beýanynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, nebite bolan islegiň ýokarlanmagyna ýardam edip biljek esasy şert nebitiň tebigy gazyň ornuny tutujy hökmünde ulanylmagydyr. Umuman, resminamada görkezilişi ýaly, “2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde energiýa göterijileriniň bahalary birden ýokarlandy we 2022-nji ýylda hem ýokary bolmagyna garaşylýar”. Bu “dünýädäki inflýasiýa basyşyny güýçlendirer we ykdysady ösüşiň energiýa göterijilerini import ediji ýurtlardan energiýa göterijilerini eksport ediji ýurtlara geçmegine sebäp bolup biler”. Şol bir wagtyň özünde, energiýa göterijileriniň bahalarynyň 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda pese düşüp başlamagyna garaşylýar. 

Geçen hepde Halkara pul gaznasy şu ýyl üçin nebitiň bahasynyň ösüşi boýunça iýul aýyndaky çaklamasyny saklady. Gaznanyň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylda nebitiň ortaça bahasy geçen ýyldaky görkezijiden tas 60% ýokary bolar we bir barrele 65,68 dollara ýeter. 2022-nji ýylda nebitiň bahasy barreline 64,52 dollar bolar.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......