Ilon Maskyň baýlygy bir hepdede 13 milliard dollar töweregi artdy

  • 21.10.2021 09:25
  • 8.4k+

Häzirki wagtda dünýäniň iň baý adamy hasaplanýan Ilon Maskyň baýlygy soňky bir hepdede 12,7 milliard dollar artdy. Onuň eýeçiligine degişli Teslanyň paýnamasy duşenbe gününden anna gününe çenli 7,3% ýokarlandy. Bu barada rb.ru habar berdi.

“Forbes USA”-nyň habaryna görä, häzirki wagtda Teslanyň ýolbaşçysynyň baýlygy 214,8 milliard dollara ýetýär. Amerikaly milliarder ABŞ-nyň gazna bazarynyň sentýabr aýynda 4,7 göterim pese gaçandan soň dikelmegi, esasan, onuň bähbidine boldy.

Teslanyň paýnamasynyň gymmaty fewral aýyndan bäri ilkinji gezek 800 dollardan geçdi we anna güni sessiýa tamamlanandan soň, takmynan, 849 dollar boldy. Maý aýyndan bäri elektrikli awtoulaglaryň rekord derejede iberilmegi bilen amerikan kompaniýasynyň paýnamasy, takmynan, 50% ýokarlandy. Tesla-nyň baýlygy häzirki wagtda 844 milliard dollara barabardyr.


12.06.2026 13:09
9.2k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.4k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......