Türkmenistanyň wekiliýeti owgan meselesi boýunça Moskwa gepleşiklerine gatnaşdy

  • 20.10.2021 19:08
  • 13k+

20-nji oktýabrda Moskwada Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisi geçirildi. Çärä 10-dan gowrak döwletleriň wekilleri, şol sanda owgan hökümetiniň wekiliýeti hem gatnaşdylar. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, nobatdaky köptaraplaýyn dialogyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Owganystanda ynsanperwerlik çökgünliginiň öňüniň alynmagy, şeýle-de bu ýurtda hemmetaraplaýyn ösüş mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle formatda geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň owgan topragynda hem-de onuň çäginden daşarda durnuklylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen täze çemeleşmeleriň we utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmegine itergi berýändigini belledi.

Şonuň ýaly-da çäräniň dowamynda Owganystanyň üstünden geçýän energetika, ulag we senagat geçelgeleriniň amala aşyrylmagynda halkara guramalaryň hem-de maliýe institutlarynyň gatnaşmagy nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli çözgütleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.


şu gün 16:02
242

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......