Lukmanlar öýken rak keseliniň seýrek alamatyny anykladylar

  • 19.10.2021 19:24
  • 19k+

Dowamly daban agyrysynyň öýken rak keseliniň ýeke-täk alamatydygyny görkezýän ýagdaý ýüze çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Milli lukmançylyk ulgamy (NHS) habar berdi. Muny “Daily Express” neşirine salgylanyp, lenta.ru ýetirýär.

Ýagny, gürrüň singapurly 47 ýaşly hassa barada gidýär. Şu ýylyň mart aýynda onda onkologiýa keseli sebäpli dörän we aýaga geçen gan lagtasy ýüze çykaryldy. Ýöne bu adam daban agyrysyndan başga, öýken rak keseli üçin has häsiýetli bolan agyry, üsgülewük, dem gysma, gan gusma we düşnüksiz ýadawlyk ýaly alamatlardan ejir çekmändi.

Lukmançylyk tejribesinde şeýle ýagdaýlaryň örän seýrek duşýandygyna garamazdan, lukmanlar olary äsgermezlik etmezligi maslahat berýärler. Olar eger aýakdaky agyry ýeterlik derejede güýçli bolsa ýa-da iki hepdäniň dowamynda aýrylmasa, onda alada edip başlamagyň wagtydygyny belleýärler. Şeýle-de, lukmanlar süýji keselli adamlaryň dabanyň ýagdaýyna aýratyn üns bermelidigini ýatladýarlar.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....