Eýran gyşda türkmen gazyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär

  • 19.10.2021 19:59
  • 8.7k+

Eýran gyş möwsüminde elektrik energiýasynyň we gazyň üpjünçiliginde bökdençlikleriň öňüni almak üçin türkmen «mawy ýangyjynyň» importyny dikeltmäge gyzyklanma bildirýär. Taraplaryň resmi wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirilýär diýip, ORIENT Energetika boýunça Eýran milli parlament toparynyň agzasynyň beýanatyna salgylanyp habar berýär.

«EYR-nyň Maksatnama-býujet guramasynyň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, ýurtda elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi 11 müňden başlap, 12 müň megawatta çenli barabardyr» diýip, Saýed Musa Musawi ICANA (Islamic Consultative Assembly News Agency) habarlar agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Musawiniň bellemegine görä, bu meseläni çözmekde, edil öňki ýyllardaky ýaly, Türkmenistandan gazy import etmek ýaly serişdeleri ulanmaly.

Belläp geçsek, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Eýrana gaz ibermelerini bes etdi. Aşgabat iberilen gaz üçin eýran kompaniýasynyň uly möçberli bergisiniň toplananlygy sebäpli günorta goňşusyna gaz ibermelerini bes etmeli boldy. Uzak dowam eden gepleşiklere garamazdan, taraplar meseläni Halkara Arbitraž kazyýetinde (ICA) çözlüşmeli boldular. ICA ahyrky netijede Türkmenistanyň peýdasyna çözgüt kabul etdi.


düýn 15:16
3.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...