Ysraýyl çölünde Marsdaky durmuş synag ediler

  • 16.10.2021 17:58
  • 8.6k+

Ysraýylyň Negew çölünde Marsdaky durmuşy we işi simulirlemek boýunça halkara synag başlandy. Oňa Ysraýyldan, Awstriýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Niderlandlardan we Portugaliýadan alty kosmonawt gatnaşýar. Bu barada “Times of Israel”-e salgylanyp, news.ru habar berýär.

Synag Awstriýa kosmos forumynyň AMADEE gözleg maksatnamasynyň çäginde geçirilýär. Synag üçin niýetlenen Mars bazasynyň modeli 500 metr çuňlukda we ini 40 kilometre golaý kraterde döredildi. Bu ýerde oktýabr aýynyň ahyryna çenli bäş erkek we bir aýal maşgala ýaşar.

Marsdaky kosmonawt bazasyny janlandyrýan geodeziki gümmez durmuş goldaw ulgamlary bilen üpjün edildi. Onuň ýörite gözleg enjamlary, gün panelleri we antenalary bar.  Synaga gatnaşýanlar üç hepdäniň dowamynda üzňelikde ýaşarlar. Olar stansiýadan daşarda diňe skafandrlarda hereket ederler we has uzaga gitmek üçin marsohod ulanmaly bolarlar.

Ekspedisiýany guraýjylar Negew çölüniň saýlanan ýeriniň Marsyň üstüne meňzeýändigini bellediler. Munuň netijesinde hünärmenler bu planetadaky işleriň dürli taraplaryny öwrenip bilerler.


29.10.2025 13:04
5k+

Ierusalimde ilkinji gezek assiriýa ýazgysy tapyldy

Ierusalimde gazuw işlerini alyp barýan arheologlar möhüm tapyndyny ýüze çykardylar: olar, takmynan,  2700 ýyllyk kiçijik kerpiç bölegini – assiriýa klin ýazgysy bilen bezelen bölegi – tapdylar. Bu tapyndy gadymy şäheriň taryhynda ilkinji gezek şeýle ýazgyň ýüze çykarylandygyny görkezýär...

04.04.2025 22:26
4.6k+

Alymlar gadymy gowak suratlarynyň döredilmeginde çagalaryň möhüm ornuny belleýärler

Tel-Awiw uniwersitetiniň barlagçylary çagalaryň gadymy gaýa suratlarynyň döredilmeginde möhüm orun eýeläp biljekdigini çaklaýarlar. Alymlar munuň diňe bir öwrenmeklik bilen bagly bolman, eýsem çagalaryň gaýry dünýä...

düýn 19:55
2.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

düýn 18:07
3.5k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......