Ýeriň howply asteroid bilen çaknyşmagynyň öňüni almagyň ýoly tapyldy

  • 10.10.2021 16:49
  • 18k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jon Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýörite barlag geçirdiler we onuň netijesinde, asteroidiň Ýer bilen çaknyşmagynyň öňüni almagyň ýoluny teklip etdiler. Bu barlag Ýeriň Bennu atly asteroid bilen çaknyşmagynyň ähtimal howpy zerarly geçirildi diýip, ferra.ru habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, alymlar asteroidleriň dürli orbitalarynyň we şeýle asman jisiminiň döwülip bilinjek bölekleriniň tizliginiň täsir massasyna nähili täsir edýändigini we munuň Benn üçin ulanylyp bilinjekdigini, mundan başga-da, eger-de ýadro enjamy partladylaýsa, oňa näme bolup biljekdigini öwrendiler. Başlangyç şert hökmünde asteroidiň bäş dürli orbitasy alyndy.

Alymlaryň pikiriçe, iň täsirli usuň kinetiki täsir elementlerini ulanyp, bir megaton kuwwatly, ýöne massasy Bennudan 5 esse az ýadro enjamynyň partladylmagy hasaplandy. Mundan başga-da, partlamany asteroidiň üstünden birnäçe metr uzaklykda amala aşyrmaly.

Bellenilişi ýaly, eger-de asteroid garaşylýan çaknyşykdan 2 aý öň  partladylsa, wagtyň geçmegi bilen onuň täsir massasy müň esse azalar - asteroid bölekleriniň 99%-den gowragy Ýerden sowa geçer.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....