Tesla ýylyň üçünji çärýeginde elektrikli ulag satuwynda rekord goýdy

  • 10.10.2021 16:45
  • 5.4k+

Amerikaly elektrikli awtoulag öndürijisi bolan Tesla dünýäde mikroshemalaryň ýetmezçiligine garamazdan, öz modelleriniň satuwynda ýene bir rekord goýdy. Bu barada 32cars.ru habar berdi.

“Associated Press” habarlar gullugynyň habaryna görä, Tesla 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde müşderilere 241 müňden gowrak elektrikli ulag iberdi. Bu görkeziji, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 72 göterim ýa-da 102 müň birlik köpdür.

Netijede, söwda markasy diňe 227 müň sany awtoulagyň satyljakdygyny çaklan analitikleriň çaklamalaryndan öňe geçmek bilen çäklenmän, eýsem öz taryhynda täze rekord hem goýdy. Şol bir wagtyň özünde, dünýä awtoulag pudagynyň elektron bölekleriniň ýiti ýetmezçiligi döwründe kynçylyklary başdan geçirýändigini we şunuň bilen baglylykda, birnäçe kompaniýanyň önümçiligi düýbünden togtatmaga mejbur bolandygyny bellemelidiris.

Tesla barada aýdylanda bolsa, kompaniýa birbada birnäçe öndürijiden mikroshemalary satyn almak arkaly ýene bir rekord goýmagy başardy diýip, çeşme habar berýär.


04.04.2026 21:33
4.2k+

Tesla kompaniýasy BYD-dan öňe geçip, elektromobil ibermek boýunça liderligini yzyna gaýtardy

Ilkinji üç aýyň jemleri boýunça Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri ilkinji gezek Hytaýyň BYD kompaniýasyndan elektromobil üpjünçiliginiň möçberi boýunça öňe geçmegi başardy....

04.04.2026 13:20
2.1k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

01.04.2026 16:47
3.4k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.2k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....