Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady

  • 09.10.2021 15:37
  • 17k+

Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini beýan edýän wideorolikler görkezilýär. Interaktiw gologrammalaryň üsti bilen türkmen pawilýony ýurdumyz tarapyndan guralan halkara çäreler barada gürrüň berýär. Wideorolikleriň üsti bilen sergä gatnaşyjylar we myhmanlar döwletimiziň ulag, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda gazanan üstünliklerine girişmäge mümkinçilik gazanýarlar. Eliň degmesini duýýan sanly hasyllaryň hereketini we ösüşini, ahalteke bedewleriniň ajaýyplygyny, dürli interaktiw gologrammalary görüp bolýar. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň utgaşmasynda medeniýet ulgamyndaky üstünlikler görkezilýär.

Türkmen pawilýonlarynyň ikinji gatynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň sergi ekspozisiýalary ýerleşdirildi. Şonuň ýaly-da, özboluşly türkmen harytlary we suwenirleri hem Türkmenistanyň pawilýonlaryny bezeýär.

BAE-niň Dubaý şäherinde 1-nji oktýabrda işe başlaýan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi 6 aýlap dowam eder. Oňa dünýä döwletleriniň 190-dan gowragy, şol sanda Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylýar.


08.06.2026 17:48
6.3k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.2k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....