Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň 13-nji tomy çapdan çykdy

  • 09.10.2021 14:09
  • 7.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji tomy çapdan çykdy. Ony ýazyp tamamlandygy barada türkmen Lideri 8-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde habar berdi.

«Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soň, bu kitap oňa gatnaşanlaryň ählisine gowşurylar» diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer S.Toýlyýewe baýramçylyk gününde bu kitabyň lukmanlara paýlanmagyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda türkmen Lideri aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekendigini aýdyp, S.Toýlyýewe olara döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.


09.06.2026 23:14
5.9k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....