Türkmenistanda aýlyk zähmet haklarynyň minimal möçberi kesgitlendi

  • 09.10.2021 09:34
  • 33k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. Şeýle hem Türkmenistanda aýlyk zähmet haklarynyň iň pes möçberi kesgitlenildi.

Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1710 manat möçberde;
  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 500 manat möçberde;
  • pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 410 manat möçberde;
  • döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 390 manat möçberde belleniler.

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1050 manat möçberde bellenilip, ol aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanylar.

Şeýle hem 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri degişli Permana goşundylara laýyklykda tassyklanylar.


şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.8k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.6k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....