Saudi Aramco Aziýa, ABŞ we Ýewropa üçin nebit bahalaryny arzanlatdy

  • 06.10.2021 19:46
  • 8.2k+

Saud Arabystanynyň nebitgaz döwlet kompaniýasy Saudi Aramco Aziýa, ABŞ we Ýewropa üçin nebitiň noýabr aýyndaky satuw bahalaryny arzanlatdy. Bu barada bahalar boýunça resminama salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny 1prime.ru ýetirýär.

“Saud Arabystany özüniň iň uly bazary bolan Aziýa üçin göz öňünde tutulan ähli nebitiň bahasyny arzanlatdy” – diýip, agentlik habar berdi.

Hususan-da, Saudi Aramco Uzak Gündogaryň alyjylary üçin beýleki markalaryň bahalarynyň kesgitlenmegine esas bolýan Arab Light söwda belgili nebitiň bahasyny noýabr aýy üçin bir barrele 0,4 dollar arzanlatdy – indi baha Oman/Dubai görnüşleriniň sebedine garanda bir barrele 1,3 dollar ýokarydyr diýip, agentlik ýazýar. Pese düşme bazaryň garaşanyna gabat geldi.

Şeýle-de, kompaniýa ABŞ-daky, Ortaýer deňzi sebitindäki we Ýewropanyň demirgazyk-günbatar bölegindäki alyjylar üçin niýetlenen görnüşleriň ählisi üçin diýen ýaly bahalary peseltdi.

Duşenbe güni OPEK+ guramasynyň ýygnagy geçirildi we onuň çäginde birleşik nebit önümçiliginiň ösüşini çaltlaşdyrmazlyk kararyna geldi. Ol 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli bu çäklendirmeleri kem-kemden aýyrmagy göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri her aý günde 400 müň barrel öndürýär. 


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......