IATA 2022-nji ýylda awiakompaniýalaryň ýitgileriniň ep-esli azaljakdygyny çaklaýar

  • 06.10.2021 08:16
  • 7.1k+

Halkara Howa Ulaglary Assosiasiýasy (IATA) 2022-nji ýylda dünýä awiakompaniýalarynyň ýitgileriniň 2021-nji ýyldaky netijeler bilen deňeşdirilende, 4,5 esse, ýagny 11,6 mlrd dollara çenli azaljakdygyny çaklaýar. Bu barada interfax.ru habar berýär. 

Şol bir wagtyň özünde, IATA 2021-nji ýyl üçin pudagyň ýitgisi bilen bagly çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy (aprel aýyndaky çaklama 47,7 mlrd dollardan 51,8 mlrd dollara çenli üýtgedildi). Mundan başga-da, 2020-nji ýyl üçin ýitgileriň hasaby hem gaýtadan gözden geçirilip, aprel aýynda çaklanylan 126,4 mlrd dollardan 137,7 mlrd dollara çenli artdyryldy. 

2021-nji ýylda ýolagçylaryň umumy sanynyň 2,3 mlrd adama ýetmegine garaşylýar (aprel aýynda IATA 2,4 mlrd bolar diýip çaklady), 2022-nji ýylda bolsa bu görkeziji 3,4 milliarda çenli artyp, 2014-nji ýyldaky derejesine deň geler, ýöne bu 2019-njy ýylda gatnadylan 4,5 mlrd ýolagçydan ep-esli azdyr.

Şeýle-de, IATA ýük awiagatnawlary üçin durnukly islegiň dowam etmegine garaşýar.  

“Biz çökgünligiň iň çuň nokadyny eýýäm geçdik. Düýpli meseleleriň henizem bardygyna garamazdan, dikeldişe tarap ýol barha aýdyňlaşýar” – diýip, IATA-nyň baş müdiri Willi Uolş belleýär. 


03.01.2022 01:05
4.2k+

Pandemiýa we ABŞ-nyň çäklendirmeleri zerarly Huawei-iň girdejisi 30% peseldi

2021-nji ýylda Huawei hytaý kompaniýasynyň satuwdan alan girdejisi, deslapky hasaplamalara görä, 634 milliard ýuana (takmynan 99 milliard dollara) deň boldy. COVID-19 pandemiýasy we ABŞ-nyň çäklendirmeleri zerarly...

09.12.2021 09:13
8.8k+

Bloomberg: pandemiýa milliarderleri has-da baýatdy

Koronawirus pandemiýasy şertlerinde dünýäniň milliarderleri öz baýlyklaryny has-da artdyrdylar. Bu barada Bloombergiň maglumatyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.   Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda tutuş dünýäde...

03.09.2021 07:46
6.6k+

ABŞ-daky milliarderleriň baýlygy pandemiýa garamazdan $1,8 trln artdy

Amerikaly milliarderleriň köpüsi ykdysady taýdan uly zyýan ýetiren täze koronawirus ýaýrawyna garamazdan, soňky 17 aýda baýlyklaryny ep-esli artdyrdylar. Bu barada Waşingtonyň hökümete degişli bolmadyk Institute...

düýn 18:38
4k+

Dünýäniň jemi baýlygynyň hasaby çykaryldy. Ol geçen ýyl 305 trillion dollara çenli artdy

24-nji iýunda Boston Consulting Group (BCG) maslahat beriş kompaniýasy dünýäniň maddy hal-ýagdaýynyň dinamikasy (ähli aktiwleriň gymmaty) baradaky Global Wealth Report 2025  ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabata görä, 2024-nji ýylda dünýädäki umumy baýlyk, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 4,4% artyp, 305 trillion dollara ýeter...