ABŞ-daky milliarderleriň baýlygy pandemiýa garamazdan $1,8 trln artdy

  • 03.09.2021 07:46
  • 6.8k+

Amerikaly milliarderleriň köpüsi ykdysady taýdan uly zyýan ýetiren täze koronawirus ýaýrawyna garamazdan, soňky 17 aýda baýlyklaryny ep-esli artdyrdylar. Bu barada Waşingtonyň hökümete degişli bolmadyk Institute for Policy Studies guramasynyň hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Gözlegçiler “pandemiýa döwründe amerikaly milliarderleriň 1,8 trln dollar baýandyklaryny”, ýagny olaryň umumy baýlygynyň tas üçden iki (62%) ýokarlanandygyny bellediler. 2020-nji ýylyň mart aýynda ol, takmynan, 3 trln dollar diýlip hasaplandy, 17-nji awgusta çenli 4,8 trln dollara ýetdi. Geçirilen hasaplamalara görä, 2020-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-da 614 adam bir milliard dollar ýa-da ondan köp möçberli baýlyga eýeçilik edýärdi. Şu ýylyň awgust aýyna çenli şeýle adamlaryň sany 708-e ýetdi.

Hasabatda Amazon korporasiýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosyň soňky 17 aýda 75 mlrd dollar, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň 150,8 mlrd dollar, Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýtsiň 32,6 mlrd dollar, Facebook kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň bolsa 74,2 mlrd dollar baýandygy aýdylýar.

Gözlegçiler öz hasaplamalarynda, esasan, “Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna esaslanýarlar. Şeýle-de, pandemiýanyň netijesinde ýüze çykan ykdysady çökgünlik sebäpli, soňky 17 aýyň dowamynda “86 milliondan gowrak amerikalynyň işsiz galandygy, tas 38 million adamyň wirus bilen keselländigi, 625 müňden gowrak adamyň ýogalandygy” bellenilýär.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....