Pandemiýa we ABŞ-nyň çäklendirmeleri zerarly Huawei-iň girdejisi 30% peseldi

  • 03.01.2022 01:05
  • 4.3k+

2021-nji ýylda Huawei hytaý kompaniýasynyň satuwdan alan girdejisi, deslapky hasaplamalara görä, 634 milliard ýuana (takmynan 99 milliard dollara) deň boldy. COVID-19 pandemiýasy we ABŞ-nyň çäklendirmeleri zerarly satuwlar 28,8% azaldy diýip, TASS agentligi kompaniýanyň neşir eden maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Muňa garamazda, kompaniýa WeChat sosial ulgamdaky sahypasynda «yza çekilmek» meýilleriniň ýokdugyny beýan edýär.

"2022-nji ýylda biz birnäçe çagyryşlara jogap bermeli bolarys. Biz tutuş dünýä boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, bilelikde kyn döwri ýeňip geçmek üçin ýadawsyz tagallalary ederis» -diýlip habarda aýdylýar.

HHR-niň öňdebaryjy telekommunikasiýa korporasiýasy 2019-njy ýyldan bäri ABŞ tarapyndan girizilen berk çäklendirmeler zerarly agyr basgy astynda galýar.
2020-nji ýylda Huawei-iň arassa girdejisi 64,6 milliard ýuana (10,1 milliard dollar) deň boldy. Ol 2019-njy ýyldaky görkezijiden 3,2 göterim ýokary bolup, satuwdan alnan umumy girdeji ýyllyk hasaplamada 3,8% artyp, 891,4 milliard ýuana (takmynan 139,4 mlrd dollar) ýetdi.


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....