Bloomberg: pandemiýa milliarderleri has-da baýatdy

  • 09.12.2021 09:13
  • 9.1k+

Koronawirus pandemiýasy şertlerinde dünýäniň milliarderleri öz baýlyklaryny has-da artdyrdylar. Bu barada Bloombergiň maglumatyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.  

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda tutuş dünýäde milliarderleriň sany 2 müň 755-e ýetdi we olara dünýä baýlygynyň 3,5 göterimi degişlidir. Munuň özi pandemiýadan öňki, 2020-nji ýylyň başyndaky görkezijiden 2 göterim köpdür. Milliarderleriň baýlygy jemi 13,1 trillion dollara deň. Pandemiýa döwründe 4,1 trillion dollar ýygnap, olar has-da baýadylar.

Bloomberg Billionaires indeksiniň maglumatlaryna görä, 267 milliard amerikan dollaryna deň bolan baýlygy bilen Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask dünýäniň iň baý adamy hasaplanýar. Sanawda 197 milliard dollarlyk baýlygy bilen Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos ikinji, LVMH fransuz kompaniýalar toparynyň Baş direktory Bernar Arno bolsa 162 milliarda deň bolan baýlygy bilen üçünji orny eýeledi.


düýn 12:04
1.1k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.6k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......