Özbek neşirleri: Türkmenistanda awtoulag serişdeleriniň önümçiligi ýola goýlar

  • 06.10.2021 07:53
  • 38k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşkende nobatdaky resmi saparynyň çäklerinde 4-nji oktýabrda geçirilen Türkmen-özbek ykdysady forumynda Türkmenistanda awtoulaglaryň, oba hojalyk we tirkeg tehnikalarynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, «Turkmenistan-Motors» we «Uzawtosanoat» kompaniýalarynyň arasynda degişli Ähtnama gol çekildi. BU barada Özbegistanyň iri habar beriş serişdeleri maglumat berýärler.

UzDaily neşiriniň habar berşi ýaly, degişli Ähtnama gol çekmek dabarasyna «Turkmenistan-Motors» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Furkat Aýdaşew hem-de «Uzawtosanoat» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Şawkat Umurzakow gatnaşdy. Bu Ähtnamanyň çäklerinde geljekde «Turkmenistan-Motors» kompaniýasynyň önümçilik kuwwatlygynda «UzAuto Motors» kompaniýasynyň awtoulag boýunça önümçiligini ýola goýmak babatda Ylalaşyk baglaşmak meýilleşdirilýär.

Özbegistanyň kursiv.uz saýty «Turkmenistan-Motors» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Furkad Aýdaşewiň sözlerine salgylanyp, kompaniýa ilkinji ýylda 10 müň sany oba hojalyk tehnikasyny we tirkeg öndürmegi meýilleşdirýär, 4-5 ýylyň dowamynda bolsa önümçiligini ýylda 50 müňe çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar diýip habar berýär.

Awtoulag önümçiligi boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Türkmenistanda täze iş orunlaryny döretmäge, jemi içerki önümde senagatyň paýyny ýokarlandyrmaga hem-de bu ugurda dünýä bazarlaryna çykyp, eksport amallaryny amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açar.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......