Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 05.10.2021 02:30
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen geçiren telefon arkaly gepleşiginde taraplar ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna aýratyn ähmiýet berildi.    

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar. Şonuň ýaly-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine özara taýýarlygyň bildirilendigi beýan edildi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen tarapy ýokary derejeli eýran wekiliýetini şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 22:17
1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......