M.Taganow Türkmenistanyň täze adalat ministri wezipesine bellenildi

  • 05.10.2021 02:23
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni, Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň barşynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşadyldy. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ygtyýaryna iberildi.

Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Orazmuhammedowiç Myradow Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.


düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5.1k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....