«Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda

  • 04.10.2021 12:45
  • 12k+

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýeri bilen tanyşlykdan soňra, Aşgabadyň demirgazygynda bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmen Lideri ilki bilen, “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan “Watançy” seýilgähinde ýerine ýetirilýän gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda täze seýilgähiň çäklerinde dürli bag nahallary oturdylypdyr. Şeýle hem bu ýerde welosiped sürmegi halaýanlar üçin ýöriteleşdirilen ýoda çekilipdir.

Döwlet Baştutany seýilgähiň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Seýilgähiň taslamasyna laýyklykda, meýilleşdirilen ähli işler, şol sanda suw çüwdürimleri, bagy-bossanlyklar, ýanýodalar we beýlekiler seýilgäh zolagyny döretmegiň iň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Soňra döwlet Baştutany gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýan kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň ýanyna geldi we bu ýerde ýerine ýetirilýän işleri synlap, ilkinji nobatda, binanyň daşky bezeglerine aýratyn üns bermegi berk talap etdi. 6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhanada iň amatly şertler dörediler.

Türkmen Lideri myhmanhanada syýahatçylaryň dynç almagy, ýokary derejeli halkara forumlary we beýleki çäreleri guramak hem-de geçirmek üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Binanyň merkezi böleginiň hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýatladýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa milli ruhdan nyşandyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, “Garagum” myhmanhanasynyň ähli görkezijiler babatda halkara ülňülere hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini belledi.


düýn 17:31
643

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

düýn 11:16
1.6k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.8k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....