«Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk toruny giňeltmek üçin enjamlar toplumy satyn alnar

  • 02.10.2021 14:21
  • 14k+

Türkmenistanda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk toruny giňeltmek üçin enjamlar toplumyny satyn almak barada halkara bäsleşik yglan edildi. Onuň netijeleri boýunça birnäçe daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň teklipleri seçilip alyndy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew türkmen Liderine habar berdi.

Türkmen Lideri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanly ulgamyny özgertmek, tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak meseleleri barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň iri taslamalary amala aşyrmaga girişendigini belledi. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda kommunikasiýalar ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda giň zolakly internetiň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döredilen mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, degişli işleri yzygiderli amala aşyrmak, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny giňeltmek zerurdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


düýn 18:37
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
2.1k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
3k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
2k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......