«Türkmenhimiýa» özbek kompaniýalaryndan fosforit ununy we himiýa önümlerini satyn alar

  • 02.10.2021 09:48
  • 5.2k+

1-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde 2022 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünler hem-de himiýa pudagynyň önümçilik kärhanalaryny zerur bolan himiýa önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda:

  • 512 000 tonna fosforit ununy satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Navoiy Milling” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga;
  • Himiýa önümlerini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mejlisiň dowamynda şeýle hem şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisiniň geçirilendigi habar berildi. Mejlisiň çäklerinde obasenagat toplumynda söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, esasan hem, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, mineral dökünleri, ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almaga gönükdirilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Mejlisiň jemleri boýunça 2022 — 2026-njy ýyllar aralygynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan dürli görnüşli oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini hem-de bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak meýilleşdirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda oba hojalyk ekinleri üçin mineral dökünleri satyn almak boýunça degişli hasaplamalar geçirildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......