Maliýe-ykdysady toplum hem-de medeniýet ulgamy Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabyny tanyşdyrdy

  • 01.10.2021 11:48
  • 5.2k+

30-njy sentýabrda Aşgabatda maliýe-ykdysady toplum hem-de medeniýet ulgamy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary guraldy. Mälim bolşy ýaly, kitabyň ilkinji nusgalary türkmen Lideri tarapyndan Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde gowşuryldy.

Maliýe-ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady toplumda geçirilen dabaraly çärä gatnaşyjylar milli Liderimize parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, t äze kitap Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýylýazgysydyr. Şunuň bilen birlikde, täze neşiriň maksady diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi bilen baglylykda Garaşsyzlyk eýýamynyň wakalaryny beýan etmekden ybaratdyr.

“Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly neşir ata Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň ykbalynda özüniň jogapkärli wezipesine düşünýän hakyky watançynyň, ynsanperwer we parasatly syýasatçynyň kitabydyr. Resmilik, garaşsyz we özygtyýarly ösüşiň 30 ýyllyk döwrüne ylmy taýdan berlen anyk baha wakalary beýan etmegiň şahyranalygy bilen utgaşýar. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan eseriň many-mazmunynyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilendigine göz ýetirmek bolýar. Neşir köp sanly suratlar bilen bezelipdir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaraly çärä medeniýet ulgamynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, döredijilik, sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabyň alymlar hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma bildirýändigini, türkmen garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýetini şöhlelendirýän möhüm, dokumental çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Çykyş edenler täze neşiriň, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetini nygtadylar.

Meşhur aýdymçylaryň çykyşlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Olar Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.


düýn 01:36
4.7k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.1k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7.1k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....