Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Gutlag iberdi

  • 01.10.2021 11:49
  • 3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ýaşuly nesliniň wekillerini her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlady. Gutlag hatynda: «Adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan bu halkara baýram mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyza, asuda, abadan durmuşymyza guwanyp ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyzyň hem-de dili senaly ýaşuly nesillerimiziň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýyp, eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýip türkmen Lideri belleýär.

Gutlagda nygtalyşy ýaly, Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, nesilleriň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan baýram hökmünde durmuşda mynasyp orny eýeleýär. Ýaşulularyň halkara gününe ömür menzillerinde baý durmuş tejribesini toplan ýaşuly nesillerimize hormat goýmagyň, olaryň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryny, jemgyýetimiziň agzybirligini we döwletimiziň berkararlygyny berkitmekde çeken zähmetini ykrar etmegiň baýramy hökmünde uly sarpa goýýarys. 

«Durmuşyň her bir ädiminde ýaşululara sala salmak, her bir işde olardan maslahat soramak türkmen halkynyň asylly ýörelgesidir. Bu gün ýaşuly nesillerimize döwletli törlerimiziň bezegi, akyl-paýhasyň, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde belent sarpa goýýarys. Biz Watanymyzyň okgunly ösüşine we beýik geljegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyza badalga berenimizde, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan «Garry — öýüň sütüni», «Garryly öý — gaznaly öý» ýaly ýörelgelerimize eýerip, dili senaly ýaşulularymyza maslahat salýarys. Rysgal-berekediň, eşretli durmuşymyzyň gönezligi bolan ak bugdaýyň hem-de pagtanyň ekişine, bol hasylyň ýygnalyşyna, täze binalaryň açylyşyna ak pata bermegi ýaşuly nesillerimize ynanýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti ýaşuly nesliň wekillerine berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.


düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5.1k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....