Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 01.10.2021 09:21
  • 10k+

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki bilen duşuşyk geçirdi. Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagy hem-de ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny gözlemek maksady bilen, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň maksada laýyk boljakdygy barada aýdyldy.


düýn 18:54
3.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......