Aşgabatda Garaşsyzlyk mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi

  • 27.09.2021 12:42
  • 20k+

Şu gün, 27-nji sentýabrda Aşgabadyň günortasynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly harby ýöriş geçirildi.

Harby ýörişe Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Milli Howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet Serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we beýleki harby hem hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleri gatnaşdylar. Dabaraly ýörişiň dowamynda harby tehnikalar bilen bir hatarda harby uçarlaryň we dikuçarlaryň ýörişi geçirildi.

Ýörişiň jemleýji bleginde merkezi münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn hormat garaguly batalýony we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň orkestri geçdi. Esgerler ýarag bilen hatar emelleriniň ýokary ussatlyk derejesini görkezdiler.

Harby ýörişden soň, Türkmenistanyň sebitleriniň we halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmet toparlarynyň baýramçylyk ýörişi geçirildi. Münberiň öňünden bäş weaýatyň wekilleri, dürli pudaklaryň we edaralaryň işgärleri, türgenleriň we medeniýet işgärleriniň, çagalar döredijilik toparlarynyň wekilleri geçdiler.


düýn 00:03
3.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.5k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....