Raýatsyzlyga garşy göreş: 2657 adama Türkmenistanyň pasporty berildi

  • 24.09.2021 19:27
  • 24k+

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda arza bilen ýüz tutan raýatlygy bolmadyk 2657 adama Türkmenistanyň raýatynyň pasporty gowşuryldy. Daşary ýurt raýatlarynyň 406-syna bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Dabara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynda geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nazar Atagaraýew, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň wekilleri, habar beriş serişdeleri, şol sanda TmCars.info-nyň habarçylary gatnaşdylar.

TmCars.info-nyň Döwlet migrasiýa gullugyndan alan maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen 2657 raýatyň 1463-si aýallardyr (1194-si erkekler). Olaryň içinde özbek (1775 adam), türkmen (746), gazak, azerbaýjan, rus, tatar, garagalpak, ukrain, koreý, lak, lezgi, täjik, ermeni we beýleki milletleriň wekilleri bar.

Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berlen daşary ýurt raýatlarynyň arasynda türkmen (152 adam), özbek (135), rus, azerbaýjan, tatar, gazak, ermeni, täjik, ukrain, garagalpak, başgyrt, belarus we beýleki milletleriň wekilleri bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda degişli Permana hem-de daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar bermek hakynda Karara gol çekipdi.

Belläp geçsek, raýatsyzlygy ýok etmek häzirki wagtda tutuş dünýäde ilkinji nobatda durýan möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistan bu ugurda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda ýurdumyz raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek we bu ýagdaýyň öňüni almaga degişli kepillikleri üpjün etmek üçin 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şu meýilnamanyň çäklerinde 2020-nji ýylda 2580 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu görkeziji 2019-njy ýylda – 863, 2018-nji ýylda — 735, 2017-nji ýylda — 1690, 2016-njy ýylda — 1381 adama deňdir.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 22:19
1.5k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......