Lucid Air sedany geçýän ýolunyň uzaklygy boýunça Tesla-nyň rekordyny täzeledi

  • 24.09.2021 13:58
  • 10k+

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi Lucid Air modeliniň tygşytlylygy we geçýän aralygy bilen bagly maglumatlary ýetirýär. Bu sedan resmi taýdan iň uly ýol ätiýaçlygy bolan elektrokar diýlip ykrar edildi. Lucid Air sedany bir batareýa zarýady bilen 837 kilometr geçýär. Bu barada ufacitynews.ru habar berýär.

Gürrüň ulagyň diametri 19 dýuým bolan tekerli Dream Edition Range görnüşi barada gidýär. Ol goşmaça zarýad bermezden 520 mil aralygy geçip bilýär, bu 837 kilometre deň bolup, Tesla Model S Long Range-iň görkezijisinden 185 kilometr köpdür. Şol bir wagtyň özünde, sedan her 100 mil aralyk üçin 27 kilowatt-sagat energiýa sarp edýär, bu bolsa 100 kilometr üçin 1,9 litr ýangyjyň sarp edilmegine deňdir.

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentliginiň analitikleriniň maglumatlaryna görä, häzirki ýangyç bahalarynda Lucid Air Dream Edition Range elektromobili bäş ýylda 6 250 dollary tygşytlap biler. Ýöne şeýle tygşytlanma üçin ýylda 15 müň milden köp geçmeli däl.

Elektromobiliň akkumulýatory 900 Wt. Salonda 5K durulykda 34 dýuýmlyk OLED displeýi, 21 dinamika we Dolby Atmos tehnologiýasy bilen audiosistema ýerleşdirildi. Lucid Air Dream Edition Range elektromobilinde sekiz howpsuzlyk ýassygy, 32 datçikli awtodolandyryjy, şol sanda lidar bar. 

Lucid Air 2021-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar. Bu ulag ştab-kwartirasy Kaliforniýada ýerleşýän Lucid Motors başlangyç kompaniýasynyň önümidir. Kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri öň Tesla-nyň inžiniring boýunça wise-prezidenti bolan Piter Roulinsondyr.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......